Azerbaýjanyň goşuny 15 müň esgeriň gatnaşmagynda türgenleşik başlatdy

Azerbaýjanyň goşuny 15 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik başlatdy

1640056
Azerbaýjanyň goşuny 15 müň esgeriň gatnaşmagynda türgenleşik başlatdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Prezident Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama görä harby türgenleşigiň başlandygy mälim edildi. 

15 müň esgeriň gatnaşýan harby türgenleşige şeýle hem takmynan 300 sany taňk we sowutly ulag, takmynan 400 sany tapawutly raketa we top ulgamy, 50 sany harby uçar we dikuçar bilen uçarmansyz howa ulgalary gatnaşdyrylýar. 

Türgenleşikde harby birikmeleriň söweşjeň ýagdaýa getirilmegi, söweş koordinasiýasy we aragatnaşygyň gowulaşdyrylmagy ýaly ugurlar gözden geçiriler. 

Terrorçy toparlara we bikanun ýaragly toparlara garşy göreş tälimleriniň hem gözden geçiriljek türgenleşik 20-nji maýa çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar