Japarow Gyrgyz Goşunlarynyň Harby Berkitmeleriniň Döwrebaplaşdyryljakdygyny Aýtdy

Döwlet resmilerine degişli görkezmeleri berdi

1635687
Japarow Gyrgyz Goşunlarynyň Harby Berkitmeleriniň Döwrebaplaşdyryljakdygyny Aýtdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow geçen hepde Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda çaknyşyklara sebäp bolan Golownoý suw bendiniň we şol suw ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýän harby bölümiň bolýan kazarmasynyň döwrebaplaşdyryljakdygyny beýan etdi.

Japarow Golownoý suw ulgamyna we şol suw ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýän Bužum harby kazarmasyna baryp gördi hem-de esgerleriň öňünde çykyş etdi.

Japarow döwletiň ýaragly güýçleriniň ähli sosial üpjünçiligini ýola goýjakdygyny we bar bolan meseleleriň çözülmegi üçin ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Japarow sapardanb soň degişli döwlet organlaryna suw ulgamyny döwrebaplaşdyrmaklary üçin görkezme berdi.

27-nji aprel de gyrgyz-täjik serhedinde başlan dartgynlyk 28-nji aprelde çaknyşyga öwrülipdi, Gyrgyzystan tarapynda 3 sanysy esger 36 adam ýogalypdy, 183 adam ýaralanypdy.

Täjigistan tarapynda bolsa 9 sanysy esger 19 adam ýogalypdy, 88 adam ýaralanypdy.

İki goňşy ýurduň arasyndaky çaknyşyk 1-nji maýda gepleşikler arkaly bes edilipdi.

 



Degişli Habarlar