Gyrgyzystanyň Prezidenti ilkinji interwýusyny TRT-e berdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, dünýä telewideniýeleriniň arasynda ilkinji interwýusyny Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasyna berdi

1635300
Gyrgyzystanyň Prezidenti ilkinji interwýusyny TRT-e berdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, TRT Awaz kanalynyň Ýewraziýanyň gün tertibi atly gepleşiginde Joşkun Özeniň soraglaryna jogap berdi. 

Japarow, Türkiýe-Gyrgyzystan gepleşikleriniň üstünde durup geçip, iki ýurdyň gatnaşyklar taýdan täze bir döwüriň bosagasyndadygyny beýan etdi. 

Sayd Japarow, Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky gatnaşygyň ozaldan bäri doganlyk gatnaşyklardygyny belläp: "Biziň 1 müň ýyllyk umumy taryhymyz bar. Şol sebäpli Türkiýe we beýleki Türki dilli döwletler bilen gatnaşyklary doganlyk taýdan şekillendirmek üçin tagalla ederis" diýip habar berdi. 

Japarow, Türk dünýäsinde has işjeň Gyrgyzystanyň boljakdygyny belledi we TÜRKPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň ähmiýedini belläp, ýurdunyň hem şol guramalaryň agzasydygyny mälim etdi. 

TRT-e ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Japarow, Gyrgyzystanyň Döwlet telewideniýesi KTRK bilen TRT-nyň bilelikde iş salyşyp biljekdigine ünsleri çekdi. 

Gyrgyzystanyň Prezidenti, iki kanalyň bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada karar kabul eden halatynda gerek bolan ähli goldawy bermäge taýardyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar