THÝ Ürgenç we Fergana Şäherlerine Uçar Saparlaryny Gurar

TH häzir Daşkent we Samarkant şäherlerine uçar saparyny guraýar

1625210
THÝ Ürgenç we Fergana Şäherlerine Uçar Saparlaryny Gurar

 

Özbegistanyň Transport ministrligine tabynlykdaky Jemgyýetçilik Awiasiýa gullugy, Türk howa ýollarynyň, Stambul şäherinden Ürgenç we Fergana şäherlerine uçar saparlaryny guramagyny tassyklady.

Ministrlikden berlen beýannamada THÝ-nyň häzir Daşkent we Samarkant şäherlerine uçar saparyny guraýandygy ýatladyldy.

Geçen aý Özbegistanda saparda bolan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, özbek tarapy bilen iki ýurduň arasyndaky uçar saparlarynyň artdyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim edipdi.



Degişli Habarlar