Fahretin Altun Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Altun, Hajiýewe ýeňisiň simwoly bolan “Ýeňiş tuwulgasyny” sowgat etdi
1618569
Türk geňeşine agza ýurtlaryň Media we maglumatlar ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun iş saparynyň çäginde Prezidentiň kömekçisi Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy.
Fahrettin Altun duşuşykda Daglyk Garabagda gazanylan ýeňiş mynasibetli azerbaýjanyň halkyny gutlady.
Altun, Hajiýewe ýeňisiň simwoly bolan “Ýeňiş tuwulgasyny” sowgat etdi.
Fahrettin Altun, Türk geňeşiniň Baş sekretary Bahdad Amreýew bilen hem duşuşdy.
Degişli Habarlar
Azerbaýjan-Ermenistan Gepleşikleri Başlady
Iki ýurduň arasyndaky serhetleriň kesgitlenilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.