Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Garabagdaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1618009
Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen ýazmaça beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Garabagdaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi, sebitiň ykdysady taýdan ösdürilmegi we gatnaw ýaly birnäçe mesele giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen Ermenistanyň Premýer ministri Paşinýanyň arasynda paýtagt Moskwada öňňin bolan duşuşygyň netijeleri we aragatnaşygyň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar