Fergana-Stambul Uçar Saparlary Başlady

Fergana-Stambul uçar sapary hepde-de iki gezek amala aşyrlar

1612130
Fergana-Stambul Uçar Saparlary Başlady

Özbegistanyň Howa Ýollary, Fergana-Stambul uçar saparlaryny başlatdy.

Özbegistanyň Howa Ýollarynyň ýerli wagt bilen 08.50-de Fergana-Stambul uçar saparyny amala aşyrmak üçin ilkinji uçarynyň Fergana howa menzilinden uçandygy habar berildi.

Fergana-Stambul uçar sapary hepde-de iki gezek amala aşyrlar.

Türk Howa Ýollarynyň hem ýakynda Stambul-Fergana-Stambul uçar saparlaryna başlamagyna garaşylýar.

28-nji martdan başlap hepdede bir gezek Ürgenç-Stambul-Ürgenç saparlaryny başladan ÖHÝ, 29-njy martda hem 2017-nji ýylda başlan emma 2020-njy ýylyň mart aýynda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli saklanan Samarkand-Stambul saparlaryny ýaňadandan hepdede 3 gezek başladypdy.

ÖHÝ tarapyndan her gün Daşkant-Stambul-Daşkent saparlary hem amala aşyrylýar.



Degişli Habarlar