Azerbaýjanda Karantiniň Möhledi 1-nji Iýuna Çenli Uzadyldy

9 günlük Nowruz baýramy dynç alyşygynda hem jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawy  bes ediler

1604767
Azerbaýjanda Karantiniň Möhledi 1-nji Iýuna Çenli Uzadyldy

 

Azerbaýjanda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yglan edilen karantiniň möhledi 1-nji iýuna çenli uzadyldy.

Azerbaýjanyň Ministrler kabinetinde kabul edilen karara görä, 1-nji aprelde bes edilmegine garaşylýan karantiniň möhledi 1-nji iýuna çenli uzadyldy.

Ministrler kabineti ertir başlajak 9 günlük Nowruz baýramy dynç alyşygynda hem jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawynyň  bes edilmegi barada karar kabul etdi.



Degişli Habarlar