Türkiýe: "Krymyň anneksiýasyny ykrar etmeýäris, Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýarys"

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Krymyň Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilmeginiň 7-nji ýyly bilen bagly ýazmaça beýanat berdi

1602449
Türkiýe: "Krymyň anneksiýasyny ykrar etmeýäris, Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýarys"

Türkiýe Krymyň anneksiýa edilmegi bilen baglanşykly: "Halkara hukugyň düzgün bozmasy bolan bu ýagdaýy ykrar etmeýändigimizi ýene-de bir gezek belläp geçýäris, Ukrainanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna berýän goldawymyzy tassyklaýarys" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Krymyň Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilmeginiň 7-nji ýyly bilen bagly ýazmaça beýanat berdi. 

Beýanatda Ukraina degişli Krym Awtonom Respublikasynyň 7 ýyl ozal şu gün geçirilen resmi bolmadyk referenduma esaslanyp Russiýa Federasiýasy tarapyndan anneksiýa edilendigi ýatladyldy. 

Krymyň esasy eýeleri bolan Krym tatar türkleriniň howpsuzlygy we abadançylygy bilen birlikde medeni şahsyýetleriniň goralmagyna berilýän ähmiýediň bellenip geçilen beýanatda: "Halkara hukugyň düzgün bozmasy bolan bu ýagdaýy ykrar etmeýändigimizi ýene-de bir gezek belläp geçýäris, Ukrainanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna berýän goldawymyzy tassyklaýarys. Türkiýe Krymdaky hadysalary ýakyndan gözegçilik etmäge dowam ederis" diýip mälim edildi.  


Etiketkalar: #anneksiýa , #Türkiýe , #Krym

Degişli Habarlar