Ermeni Güýleriniň Goýan Minalary Adam Pidalaryna Sebäp Bolmaga Dowam Edýär

Ermenistanyň goşunlary tarapyndan goýlan minalaryň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 10 adam ýogaldy.

1598934
Ermeni Güýleriniň Goýan Minalary Adam Pidalaryna Sebäp Bolmaga Dowam Edýär

 

Daglyk Garabagda 2020-njy ýylyň 10-njy noýabryndan ýagny söweşiň gutaran gününden bäri Ermenistanyň goşunlary tarapyndan goýlan minalaryň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 10 adam ýogaldy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Ermenistan bilen söweşiň bes edilmegi üçin ylalaşygyň gazanylan günü bolan 2020-njy ýylyň 10-njy noýabryndan bäri basyp alyşlykdan halas edilen ýerlerde, minalaryň ýarylmagy sebäpli ýitgi çekilmäge dowam edilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, şol gününden bäri ermeni güýçleriniň goýan minalarynyň ýarylandygy sebäpli asuda ilatdan 10 adamyň ýogalandygy bellenili.

Ady agzalýan döwürde minalaryň ýarylmagy sebäpli 11 adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar