Türkiýäniň Daşary işler ministri Türkmenistana we Özbegistana guran sapary barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hem Türkmenistana hem-de Özbegistana guran saparynyň netijeli geçendigini we örän peýdaly bolandygyny habar berdi

1598303
Türkiýäniň Daşary işler ministri Türkmenistana we Özbegistana guran sapary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Türkmenistana we Özbagistana guran sapary barada TRT Habar kanalyna beýanat berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň wezipä geçmeginden bäri ýurtda uly özgretmeleriň amala aşyrylandygyny, Türkiýäniň hem hünärmenler ugradyp Özbegistan bilen tejribelerini paýlaşýandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bolsa Türkiýä käbir ýeňillikler döredendigini mälim etdi. 

Ýurdyň ähli howa ýollary kärhanalarynyň uçar saparlaryna ýapyk bolmagyna garamazdan, Türk howa ýollaryna Türkmenabad şäherine uçmaga rugsat beriljekdigini, pandemiýa sebäpli hiç bir ýurdyň ýük ulaglaryny geçmegine rugsat berilmeýärkä, türk sürüjilerine koronawirus testi etdirmek şerti bilen geçmeklerine rugsat beriljekdigini beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, birnäçe hepde ozal Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňizindäki nebit we gaz ýatagy boýunça gazanan ylalaşygynyň hem üstünde durup geçdi. 

Bu meýdançadaky nebitiň we gazyň çykarylmagynda türk kärhanalarynyň hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny, bu babatdaky niýetlerini taraplara hem ýetirendiklerini habar berdi.

Ol ýerden çykaryljak gazyň we nebitiň turba geçirijiler arkaly Türkiýä ýetirilmeginiň üstünde işlenýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar