Daşary Işler Ministri Çawuşogly Gyrgyz Respublikasynda Saparda Bolýar

“Magarif mekdebi, Orta Aziýada açyljak ilkinji Magarif mekdebi bolar. Bu hem Gyrgyz Respublikasyna uly ähmiýet berýändigimizi görkezýär”

1598504
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Gyrgyz Respublikasynda Saparda Bolýar

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gyrgyz Respublikasyna guraýan resmi saparynyň çäginde Prezident Sadyr Japarow tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde özara syýasy, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Japarow, şu ýyl 30 ýyllygy bellenilip geçilýän Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklardan hoşaldyklaryny belledi.

Gyrgyz lideri iki ýurduň arasynda oba hojalyk, tekstil we magdançylyk ýaly beýleki ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Sadyr Japarow, Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň birlikde ulu taslamalary durmuşa geçirmeginiň we özara söwda mukdarynyň 1 milliard dollara ýetirilmegi üçin tagalla edilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Paýtagt Bişkekde Ata Beýit ýadigärligine hem baryp gören ministr Çawuşogly, soň gyrgyz kärdeşi Ruslan Kazakbekow bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklar hakynda ähli taraplaýyn pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Mewlüt Çawuşogly, Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitetiniň hem iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nyşanydygyny belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly, bilim ýada beýleki ugurlarda Fetullahçy terror guramasy FETÖ ýaly gurmalara ýer berilmeli däldigine ünsi çekip “FETÖ diňe biziň üçin däl eýsem Gyrgyz Respublikasy üçin hem howply” diýdi.

Iki ýurduň ylym we bilim pudagynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtan Çawuşogly, Magarif Gaznasynyň Gyrgyzystanda başlangyç klas mekdebinden litseýe çenli mekdep açjakdygyny belledi.

Çawuşogly, “Magarif mekdebi, Orta Aziýada açyljak ilkinji Magarif mekdebi bolar. Bu hem Gyrgyz Respublikasyna uly ähmiýet berýändigimizi görkezýär” diýdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbekow hem “Gyrgyzystan bilen Türkiýe dili bir, dini bir iki doganlyk ýurt. İki ýurduň arasynda hiç hili syýasy kynçylyk ýok” diýdi.

Ruslan Kazakbekow “Gyrgyzystana Magarif gaznasynyň gelmegine, mekdep açmagyna we bilime goşant goşmagyna garaşýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar