Ermeni esgerleriň ýerleşdiren minasynyň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň 1 raýaty ýogaldy
Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň goýan minalarynyň partlamagy netijesinde ozal hem ençeme Azerbaýjanly raýat ýogalypdy
Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat eden Fuzuli welaýatynda, ermenistanly esgerleriň ozaldan ýerleşdirip goýan minasynyň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň asuda ilatyndan 1 adam ýogaldy.
Azerbaýjanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, Fuzuli welaýatynyň Ýokary Ýaglywent obasynyň çäklerinde hereket eden we içinde asuda ilatdan 3 adamyň bolan ulagyň ozaldan ýola ýerleşdirilip goýulan minanyň üstünden geçendigi mälim edildi.
Beýanatda minanyň partlamagy netijesinde ulagdaky 1 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.
Partlan minanyň basyp alyşlyk zamanynda Ermenistanyň esgerleri tarapyndan goýulan taňka garşy niýetlenen minadygy aýan edildi.
Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň goýan minalarynyň partlamagy netijesinde ozal hem ençeme Azerbaýjanly raýat ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Gyrgyzystan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady
Gyrgyzystanyň mejlisi Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady