Daglyk Garabag Operasiýasynda Şehit Bolan Esgerleriň Sany 2 Müň 823-e Ýetdi

Käbir jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen operasiýada şehit bolan esgerleriň sany 2 müň 823-e ýetdi

1553635
Daglyk Garabag Operasiýasynda Şehit Bolan Esgerleriň Sany 2 Müň 823-e Ýetdi

 

Azerbaýjanyň goşunlarynyň, Daglyk Garabagda territoriasyny halas etmek üçin başladan operasiýasynda 2 müň 823 esgeriň şehit bolandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 27-nji sentýabrda başlan we 10-njy noýabrda Ermenistanyň ýeňilendigini kabul edýän şertnama gol goýmagy bilen bes edilen söweşde çekilen ýitgi hakyndaky soňky görkezijiler barada maglumat berdi.

Ozal 2 müň 802 esgeriň şehit bolandygy habar berlipdi. Käbir jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen operasiýada şehit bolan esgerleriň sany 2 müň 823-e ýetdi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň basyp alyşlykdan halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we basyp alyşlygy astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan hem çekilipdi.



Degişli Habarlar