Prezident Erdogan Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1551266
Prezident Erdogan Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ilham Aliýewiň dogulan gününi gutlady. 

Erdogan Aliýewe maşgalasy we milleti bilen birlikde saglykly, asuda durmuş arzuw etdi we uzak ömür diledi.

Aliýewiň ýurdunyň durnuklylygy we galkynyşy bilen birlikde sebitiň parahatçylygy we asudalygy üçin edýän tagallalarynyň taryhy ähmiýetlidigini bellän Erdogan, Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň güýçlenmegine goşýan goşantlary üçin Aliýewe minnetdarlyk bildirdi. 

Erdogan Türkiýe-Azerbaýjan doganlygynyň we jebisliginiň ähli ugurlar boýunça güýçlenip dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi. 



Degişli Habarlar