Azerbaýjanyň Goşunlaryndan Daglyk Garabag Operasiýasynda 2 Müň 802 Esger Şehit Boldy

Operasiýada dereksiz ýiten 40 esgeriň tapylmagy üçin gözleg işleri geçirilýär.

1549548
Azerbaýjanyň Goşunlaryndan Daglyk Garabag Operasiýasynda 2 Müň 802 Esger Şehit Boldy

Azerbaýjanyň goşunlarynyň Daglyk Garabagy basyp alyşlykdan halas etmek üçin geçiren operasiýasynda 2 müň 802 esger şehit boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 27-nji sentýabrda başlan we 10-njy noýabrda Ermenistanyň ýeňilendigini kabul edýän şertnama gol goýmagy bilen bes edilen söweşde çekilen ýitgi barada maglumat berdi.

Garabag operasiýasynda ozal 2 müň 783 esgeriň şehit bolandygy habar berlipdi, käbir jesetleriň tapylmagy we jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen şehitleriň sany 2 müň 802 adama ýetdi.

60 esgeriň şahsyýetiniň anyklanmagy işleri dowam edýär. Operasiýada dereksiz ýiten 40 esgeriň tapylmagy üçin gözleg işleri geçirilýär.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan çekilmek üçin şertnama gol goýupdy.

Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda Kelbejerden we 1-nji dekabrda hem Laçyndan çekilipdi.

 



Degişli Habarlar