DKTR, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyna reaksiýa bildirdi

Ersan Saner, ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararyny “ýalňyş karar” hökmünde häsiýetlendirdi

1546045
DKTR, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyna reaksiýa bildirdi

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersan Saner, ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararyny “ýalňyş karar” hökmünde häsiýetlendirdi

Saner, ABŞ-nyň S-400 roketa goranyş ulgamlary sebäpli Türkiýä sanksiýa goýulmagy hakyndaky karary barada ýazmaça beýannama berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Kipt türk halkynyň adadaky barlygynyň we onuň döwletiniň, özygtyýarlygynyň ýeke-täk kepilnamasydygyny nygtan Saner, Türkiýäniň alyp barýan işjeň daşarky syýasatlary bilen Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprde parahatçylygyň we durnuklylygyň özenini emele getirýändigini belledi.

Saner, “Türkiýä öz howpsyzlygy we sebitiň durnuklylygy üçin S-400 roketalaryny alandygy sebäpli sanksiýa goýmak diýseň ýalňyş” diýip belledi.

DKTR-nyň Premýer ministri Saner, ABŞ-nyň gysga wagtda kararyndan ýüz öwürmelidigini we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmelidigini ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar: #reaksiýa , #sanksiýa , #DKTR

Degişli Habarlar