Ilham Aliýew Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Aliýew Kelbejer sebitiniň adaty bolmadyk tebigy gözelliklere we medeni baý mirasa eýedigini beýan etdi

1534254
Ilham Aliýew Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Kelbejeriň basyp alyşlykdan azat edilmegi mynasybetli halka ýüzlenip eden çykyşynda, taryhy Azerbaýjanyň topragy bolan Kelbejeriň ýurdyň iň uly welaýatlarynyň biridigini belledi. 

Kelbejerdäki buthanalaryň we metjitleriň Azerbaýjanyň taryhy eserleridigini aýdan Aliýew, ol ýerlerdäki buthanalaryň Kawkaz Albaniýa döwleti döwründen galandygyny, ýalançy ermeni taryhçylaryň bu eserleriň özlerine degişli ýaly görkezmäge synanyşaýandyklaryny habar berdi. 

Aliýew, sebitdäki Hristian buthanalar bilen baglanşykly aladalaryny bellän käbir Günbatarly töwereklere Agdam, Şuşa, Zengilan, Jebrail we Fuzuli welaýatlarynda ýumrulan metjitlere üns bermeklerini maslahat berip: "Bu metjitler ýa ýumuruldy ýa-da doňuz ýataklary hökmünde ulanyldy. Näme sebäpli bu ýagdaý sizi aladalandyrmaýardy? Näme üçin bizden başga hiç kim 30 ýyllap bu meseläni gün tertibe getirmedi? Bu meseläni halkara maslahatlarda we daşary ýurtly kärdeşlerim bilen geçiren duşuşyklarymda ençeme gezek gün tertibe getirdim. Näme sebäpli hiç kim bular üçin aladalanmady? Näme üçin hiç kim bu babatda halkara wekiliýet ugratmak islemedi? Azerbaýjanyň halky bu soraglara jogap isleýär. Jogaba garaşýarys. Şol sebäpli işlerimize goşulmak isleýän ýa-da bizi günäkärlemek isleýänleriň aýna seretmekleri gerek" diýip nygtady. 

Kelbejer sebitiniň adaty bolmadyk tebigy gözelliklere we medeni baý mirasa eýedigini aýdan Aliýew, ermenileriň ol ýerden geçýän derýalaryň ugurlaryny üýtgedip, Azerbaýjana garşy daşky gurşaw terroryny amala aşyrandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar