“DKTR-nyň Sebitde we Dünýäde Ykrar Ediljekdigine Ynanýaryn”

Prezident R. T. Erdogan “Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy hakykatyny sebitde we  bütin dünýäde ykrar etdirjek döwrüň başlandygyna ynanýaryn” diýdi

1529713
“DKTR-nyň Sebitde we Dünýäde Ykrar Ediljekdigine Ynanýaryn”

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Beýannamasynda hepdäniň ahyrynda DKTR-da saparda bolandygyny ýatladan Erdogan, “Ýapyk Maraşa guran saparymyz, sebitiň mundan soňky etapda has-da janlanmagy üçin tutanýerli tagalla etjekdigimizi görkezýär” diýdi.

Kipriň grek bölegi bilen rum-grek ikiliginiň ylalaşyksyz tutumy sebäpli ýaňadandan maslahatlaşylmagy netijesiz boljak meseleleri bir gyra goýup, Kiprde täze bir gelejek gurmak üçin işe girişendiklerini beýan eden Erdogan: “Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy hakykatyny sebitde we bütin dünýäde ykrar etdirjek täze döwrüň başlandygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar