“Ermenistan Jerime Tölär”

"Ermenistan basyp alan ýerlerindäki ilatly ýerleri, mekdepleri, hassahanalary, taryhy galyndylary we metjitleri ýer bilen ýegsan etdi"

1526529
“Ermenistan Jerime Tölär”

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Daglyk Garabaga zeper ýetirendigi üçin jerime tölejekdigini aýtdy.

Prezident Aliýew, hassahana baryp Daglyk Garabagdaky operasiýasynda ýaralanan esgerleri gördi.

Ermenistanyň basyp alan ýerlerindäki ilatly ýerleri, mekdepleri, hassahanalary, taryhy galyndylary we metjitleri ýer bilen ýegsan edendigini nygtan Aliýew, haraba öwrülen ýerleriň wideo ýazgylaryny ýaýradandyklaryny gürrüň berdi.

Aliýew, halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda maddy we ruhy taýdan ýetirlen zeperiň hasaplanjakdygyny we Ermenistanyň jerime tölemegi üçin halkara kazyýetlere ýüz tutjakdyklaryny ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti “Ermenistan jerime tölär” diýdi.



Degişli Habarlar