Jan Azerbaýjan Ýeňişiň Mübärek Bolsun!

"Jan Azerbaýjan şatlygyň we şatlygymyz baky bolsun”

1525157
Jan Azerbaýjan Ýeňişiň Mübärek Bolsun!

 

Ermenistanyň Daglyk Garabagda Azerbaýjandan ýeňilendigini kabul etmegi we iki ýurduň arasynda çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylmagy Türkiýede şowhunly garşylandy.

Türkiýäniň  Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjany gazanan ýeňişi bilen gutlady.

Şentop “Azerbaýjanyň legal hukuklary we ýeňişi ahyry duşmany tarapyndan hem kabul edildi. Ermenistan basyp alan ýeri bolan Daglyk Garabagdan çekilmäge we boýun egmäge mejbur boldy” diýdi.

Wise-prezidenti Fuat Oktaý hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Bir agyzdan Garabag Azerbaýjandyr diýýärdik we indi Garabag Azerbaýjanyňky boldy. Jan Azerbaýjan şatlygyň we şatlygymyz baky bolsun” diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem Twitterden beren habarnamasynda “Jan Azerbaýjan stolyň başynda we meýdanda uly ýeňiş gazandy. Ýeňişiň mübärek bolsun. Jan Azerbaýjana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar