Ermenistan, Daglyk Garabagda Ýeňilendigini Kabul Etdi

“Russiýa we Azerbaýjan bilen Daglyk Garabagdaky söweşiň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazandyk”

1524874
Ermenistan, Daglyk Garabagda Ýeňilendigini Kabul Etdi

 

Ermenistan, Daglyk Garabagda Azerbaýjandan ýeňilendigini kabul etdi.

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, sosial mediadan beren habarnamasynda “Russiýa we Azerbaýjan bilen Daglyk Garabagdaky söweşiň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Paşinýanyň habarnamasynda “Rus lideri Wladimir Putin we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen hüjümleriň bes edilmegi üçin bilelikdäki jarnama gol goýduk. Başga çykalgam ýokdy. Bu, meniň üçin we ermeni halky üçin diýseň gynandyryjy” diýmegi ünsleri özüne çekdi.

Ermenistanyň Premýer ministri  “Harby ýolbaşçylaryň garaýyşlaryna we degişli seljermelere görä şeýle karar kabul etdim” diýdi.

Halkyň özüne garşy geçirjek protest ýörişleri hakynda hem durup geçen Paşinýan “Halka meçew berenler adalatyň öňünde jogap bermeli bolar” diýdi.

Beýleki tarapdan, paýtagt Ýerewanyň başda durmagynda, Paşinýana garşy protest ýörişi geçirildi.

Parlamente giren protestçylar kürsä çykyp Garabagdaky çaknyşyklaryň dowam etmegi üçin çagyryş berdi.

Azerbaýjanyň goşunlary, Daglyk Gaabagda 30 ýyldan bäri dowam edýän ermeni basyp alyşlygynyň bes edilmegi üçin 27-nji sentýabrda operasiýa başladypdy.

 

 



Degişli Habarlar