Azerbaýjan Eýran serhedindäki Zengilana serhet birikmelerini gurdy

Azerbaýjan Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat eden Eýran serhedi bilen serhetdeş bolan Zengilan welaýatyna serhet birikmelerini gurdy we olara baýdaklaryny dikdi

1524300
Azerbaýjan Eýran serhedindäki Zengilana serhet birikmelerini gurdy
azerbaycan zengilan bayrak1.jpg
azerbaycan zengilan bayrak.jpg

Zengilan welaýatynda ýerleşýän Minjiwan, Soltanly, Şerifan, Muganly, Tiri, Memmedbeýli serhet birikmelerinde iş alyp barýan harbylar tarapyndan geçirilen dabara bilen, birikmelere Azerbaýjanyň baýdagy dikildi we Azerbaýjanyň Milli senasy ýerine ýetirildi. 

Ondan soň Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyna degişli harbylar, serhet birikmesinde gullyk wezipesini berjaý etmäge başladylar. 

Serhet birikmesinde iş alyp barýan Polkownik Abbasow Afdandil, Şuşa şäheriniň azat edilmegine şat bolandygyny belläp: "Şu gün biz üçin mukaddes bir gündir. Biz, gahryman Baş serkerdämiziň 28 ýyl 6 aý soň Şuşanyň azat edilendigini bize habar bermeginiň şatlygyny başymyzdan geçirýäris" diýip belledi. 

Mundan beýläk serhet zolagyny özleriniň gorajakdygyny aýdan Afdandil, 132 ind kilometrlik meýdanyň basyp alyşlykdan azat edilendigini we duşmandan saplanandygyny mälim etdi. 

"Azerbaýjana we doganlyk Türkiýäniň halkyna salamlarymyzy ugradýarys" diýip bellän Afdandil, Garabagyň basyp alyşlykdan azat edilmeginden soň, Azerbaýjanyň halky bilen birlikde şatlykly günlerini ýaşajakdyklaryny nygtap geçdi. 



Degişli Habarlar