ÝTB-niň Başlygy Abdullah Eren Genje Şäherine Bardy

"Halkara jemgyýetçiligi Ermenistanyň, Azerbaýjanda asuda ilata garşy guraýan hüjümlerine hiç hili reaksiýa bildirmedi"

1521806
ÝTB-niň Başlygy Abdullah Eren Genje Şäherine Bardy

 

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň (ÝTB) başlygy Abdullah Eren, halkara jemgyýetçiliginiň Ermenistanyň, Azerbaýjanda asuda ilata garşy guraýan hüjümlerine hiç hili reaksiýa bildirmändigini aýtdy.

Abdullah Eren, Ermenistanyň goşunlary tarapyndan nyşana alynan Azerbaýjanyň Genje şäherine bardy.

Ermenistanyň balistiki rekata hüjümleri sebäpli 26 adamyň ýogalan ýeri bolan Genje şäherine baran Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren, Azerbaýjanyň Diasporadan jogapkär Döwlet komitetiniň başlygy Fuad Muradow, Genjäniň welaýat häkimi Niýazy Baýramow we Türkiýäniň Genje şäherindäki Baş konsuly Zeki Öztürk bilen ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerine gül desselerini goýdy.

Eren ol ýerde eden çykyşynda, 27-nji sentýabrdan bäri Ermenistanyň asuda ilata garşy 13-e golaý hüjüm gurandygyny belledi.

Genjede asuda ilatyň öldürlendigini aýdan Eren “Çagalar enesiz, atasyz galdy. Perzentleri ýogalan ene-atalar bar. Zenanlar, ýaşulylar ýogaldy” diýdi.

Ermenistanyň roketalar bilen ilatly ýerleri nyşana alandygyny aýdan Eren, dünýa ýurtlaryň bolsa şol hüjümlere hiç hili reaksiýa bildirmändigini ýatlatdy.

Eren “Dünýä ýurtlaryna hüjüm habarlaryny TRT World, TRT Arapça, Anadoly habarlar gullugy ýetirdi. Anadolu habarlar gullugynyň iňlis dilindäki ýaýlymlary gürrüň berdi. Türkiýedäki beýleki habar kanallary halka ýetirdi”diýdi.

Eren Türkiýäniň başyndan bäri Azerbaýjana goldaw berýändigini we goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar