Azerbaýjan ýene-de 8 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň goşunynyň ýene-de 8 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edendigini habar berdi

1520392
Azerbaýjan ýene-de 8 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Ýeňiji Azerbaýjanyň goşuny, Jebrailiň Çaprand, Hajy Isakly we Goşa Bulak, Zengilanyň Dere Giletag we Beýik Giletag, Gubadlynyň Yşykly, Murathanly we Milanly obalaryny azat etdi. Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşuny. Garabag Azerbaýjandyr" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň goşuny Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda, 4 şäher merkezini, 3 şäherçäni we 190-a gola oba bilen käbir strategik depeleri Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi. 


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar