Gyrgyzystanda Prezident we Parlament Saýlawlary Öňümizdäki Ýyl Geçiriler

Gyrgyzystanda Prezident we Parlament saýlawlarynyň konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizileninden soň geçirilmegi barada karara gelindi

1514378
Gyrgyzystanda Prezident we Parlament Saýlawlary Öňümizdäki Ýyl Geçiriler

Gyrgyzystanyň Mejlisinde düýn agşam Prezident we Parlament saýlaw gününiň yza süýşürilmegi bilen bagly kanun taslamasy kabul edildi. 

Mejlisdäki 6 syýasy partiýanyň goldaw bermeginde kabul edilen kanun taslamasy, konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizileninden soň, iň giýç 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli, parlament saýlaw gününiň yglan edilmegini göz öňünde tutýar. 

Merkezi Saýlaw Komissiýasy birnäçe gün ozal bolsa, 4-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlaryň netijesiniň bes edilmeginden soň, konstitutsiýa laýyklykda täze saýlawyň 20-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim edipdi. 

Ýurtda 5-6-njy oktýabrda bolan protestlerde tussaghanadan çykarylan Milletçi Ata Ýurt partiýasynyň ozalky deputaty Japarow, Premýer ministrlik wezipesinden daşary, Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň, Prezident wezipesini hem öz üstüne aldy. 



Degişli Habarlar