DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Türkiýä gurar

Ersin Tatar, DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisinde geçirlen dabarada kasam etdi

1514854
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Türkiýä gurar

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidentligine saýlanan Ersin Tatar, DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisinde geçirlen dabarada kasam etdi.

Tataryň kasam etmeginden soň Mejlisiň Baş Assambleýasynda Garaşsyzlyk mukamy ýerine ýetirildi we mejlisiň howlusynda 21 gezek top atyldy.

Kasam edip täze wezipesine başlan Erstin Tatar ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar.

Ersin Tatar, Prezident R. T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda ilkinji daşary ýurt saparyny 26-njy oktýabrda Türkiýä gurar.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, saparyň çäginde Türkiýe bilen DKTR-nyň arasynda gatnaşyklar we Kipr meselesi bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar