Ermenistan Terterde Gonamçylygy Nyşana Aldy

Ermenistanyň Terter şäherinde gonamçylyga guran hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1509686
Ermenistan Terterde Gonamçylygy Nyşana Aldy

 

Ermenistanyň goşunlarynyň Terter şäherinde gonamçylyga guran hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 3 adam hem ýaralandy.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew mesele barada Twitterden beren habarnamasynda, Ermenistanyň, Terterdäki gonamçylygy bilkastlaýyn nyşana alandygyny habar berdi.

Hajiýew hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Hikmet Hajiýew, Ermenistanyn gumanitar ylalaşyga garamazdan terrorçylykly syýasatyny dowam etdirýändigini nygtady.



Degişli Habarlar