Ermenistanyň Azerbaýjandaky asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ermenistanyň 27-nji sentýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde Azerbaýjanyň asuda ilatyndan 30 adam ýogaldy, 143 adam ýaralandy

1504979
Ermenistanyň Azerbaýjandaky asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ermenistanyň Ýaragly güýçleri, Azerbaýjandan basyp alan ýerlerinden daşarda bolan asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň şu gün irden basyp alan ýeri bolan Daglyk Garabagdan daşaryda ýerleşýän Berde, Agjabedi şäherleri bilen Goranboý, Terter, Agdam şäherleriniň obalyk ýerlerine toplar bilen hüjüm gurady. 

Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň, Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň hüjümlerine garşy howpsuzlyk çärelerini görendigi aýan edildi. 

Ermenistanyň 27-nji sentýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde Azerbaýjanyň asuda ilatyndan 30 adam ýogaldy, 143 adam ýaralandy. 



Degişli Habarlar