Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ermenistanyň hüjümlerinde 928 öý, 45 bina, döwlet eýeçiligine degişli 133 kärhana hatardan çykaryldy

1505360
Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

 

Ermenistanyň, Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 31, ýaralananlaryň sany 154 adama ýetdi.

Azerbaýjan, Ermenistan tarapyndan sentýabr aýynyň 27-si bilen oktýabr aýynyň 8-i aralygynda sagat 13.00-a çenli guralan hüjümlerde çekilen ýitgi barada beýannama berdi.

Beýannama görä, ady agzalýan döwürde ermeni güýçleri tarapyndan guralan hüjümlerde ýogalan asuda ilatyň sany 31, ýaralananlaryň sany 154 adama ýetdi.

Ermenistanyň hüjümlerinde 928 öý, 45 bina, döwlet eýeçiligine degişli 133 kärhana hatardan çykaryldy.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew Azerbaýjanyň ilatly ýerlere ot açan ermeni güýçlerine degişli Grad raketa ulgamyny hatardan çykarandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar