Ermenistan Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Azerbaýjanyň goşuny üstünlikli operasiýalaryny dowam etdirýär

1504642
Ermenistan Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Azerbaýjanyň goşuny, Ermenistanyň 250 tankyny we sowutly ulagyny, 270 top we raketa ulgamyny, 8 ýarag ammaryny hatardan çykardy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Azerbaýjanyň goşuny üstünlikli operasiýalaryny dowam etdirýär we käbir ýerleri ermeni güýçlerinden saplady.

Beýannamda operasiýalarda köp sanly ermeni esgeriniň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, harby enjamlaryň we ýaraglaryň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Ermenistanyň goşuny sentýabr aýynyň 27-i bilen oktýabr aýynyň 7-si aralygyda Ermenistanyň 250 tankyny we sowutly ulagyny, 270 top we raketa ulgamyny, 60 howa goranyş ulgamyny, 11 harby merkezi, 8 ýarag ammaryny, 150-ä golaý harby ulagy we 1 sany S-300 howa goranyş ulgamyny hatardan çykardy” diýildi

 



Degişli Habarlar