Ermenistan-Azerbaýjan Front Liniýasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasyndaky çaknyşyklar gije boýy dowam etdi

1504375
Ermenistan-Azerbaýjan Front Liniýasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjanyň goşuny soňky birnäçe günde gazanylan üstünlikleriň gerimini giňeltmek üçin front liniýanyň tapawutly ugurlary boýunça harby operasiýalaryny dowam etdirdi. 

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda ikitaraplaýyn häsýetde toplar bilen od açyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýleki bir beýanatynda bolsa Ermenistanyň goşunynyň şu gün irden Terter, Berde, Agdam, Agjabedi, Fuzuli we Jebraýil welaýatlarynyň ýaşaýyş ýerlerine od açdy, Azerbaýjanyň goşunynyň bolsa garşylyk görkezip hüjüm gurandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar