Gyrgyz Respublikasynda Saýlawyň Netijeleri Bes Edildi

Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawynyň netijesini bes etdi

1503794
Gyrgyz Respublikasynda Saýlawyň Netijeleri Bes Edildi

Gyrgyzystanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň düýn başlan we şu gün hem dowam etdirilýän, saýlawyň netijelerini protest eden köp sanda adam köçelere çykdy. Protestleriň barşynda 1 adam ýogaldy, 590 adam ýaralandy. 

Prezident Sooronbaý Jeenbekow, wakalardan soň beren beýanatynda, saýlaw geňeşine derňew işiniň geçirilmegi üçin buýruk berendigini, galplyk edilendigi anyklansa, saýlawyň ýatyrylmagynyň gözden geçiriljekdigini habar beripdi. 

Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawyň netijesiniň bes edilmegi barada karara geldi. 

Gyrgyzystanda saýlawyň netijesini kabul etmeýän oppozisionerler döwlet guramalaryny gözegçiligi astynda aldy. Ýurtda ýagdaýyň gözegçilik astyna alynmagy üçin Koordinasiýa Geňeşi döredildi. 

Ýurdyň ozalky premýer ministrlerinden bolan Ömürek Babanow we Temir Sariýewiň hem düzüminde bolan Koordinasiýa Geňeşiniň başynda Bütin Gyrgyzystan partiýasynyň lideri Adahan Madumarow getirildi. 

Madumarow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Koordinasiýa Geňeşiniň maksadynyň ýurtda ýagdaýyň gözegçilik astyna alynmagy we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň çetleşdirilmegini talap etmek üçin mejlisiň ozalky agzalaryny bir ýere jemlemekdigini belledi. 

Beýleki tarapdan Dastanbek Jumabekowyň ýolbaşçylyk etmegindäki mejlisiň agzalarynyň şu gün myhmanhanalaryň birinde ýygnanjakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar