“Basyp Alyjy Bilen Ejir Çekýän Azerbaýjan Deň Tutulmaly Däl”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly basyp alyjy bilen ejir çekýän Azerbaýjanyň deň tutulmaly däldigine bütin dünýäniň düşünmelidigini aýtdy

1503797
“Basyp Alyjy Bilen Ejir Çekýän Azerbaýjan Deň Tutulmaly Däl”
cavusoglu-bayramov.jpg
cavusoglu-aliyev.jpg
cavusoglu-aliyev1.jpg

Iş sapary bilen Azerbaýjana baran Mewlüt Çawuşogly paýtagt Bakuwda Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Duşuşyga Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Türkiýäniň Mejlisiniň Türkiýe-Azerbaýjan Mejlisara Dostluk toparynyň Başlygy Şamil Aýrym we Türkiýäniň Azerbaýjandaky İlçisi Erkan Özoral hem gatnaşdy.

Çawuşogly kärdeşi Baýramow bilen hem Daglyk Garabagdaky soňky ýagdaý bilen aktual sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykdan soň minitrler bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ýene-de bir gezek Türkiýäniň Azerbaýjana berýän goldawyny görkezmek üçin şu gün Azerbaýjana sapar gurandygyny aýdan Çawuşogly: “Biz elmydama doganlyk ýurt Azerbaýjanyň ýanynda. Bütin dünýä şu ýene-de bir gezek beýan edesim gelýär, Ýokary Garabag Azerbaýjana degişlidir” diýdi.

Çawuşogly agyr ýagdaýa düşen Ermenistanyň ilatly ýerlere hüjüm etmäge başlandygyny we onuň gumanitar jenaýatdygyny nygtady.

Çawuşogly onuň Ermenistanyň başdan geçirýän çäresizliginiň görkezijisidigini beýan etdi.

Minsk toparyna girýän ýurtlatyň basyp alyjy bilen ejir çekýän Azerbaýjany deň tutýandygyny belläp: “Onuň beýle dowam etmejekdigine bütin dünýä düşünmeli” diýdi.

 Baýramow bolsa Ermenistan döwletinin terrorçy düşünjä eýedigini we maksatlaryna ýetmek üçin hiç hili ýörelgeleriniň ýokdugyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar