Azerbaýjanda Ýene-de 7 Oba Basyp Alyşlykdan Halas Edildi

Prezidenti Ilham Aliýew, ýene-de 7 obanyň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilendigini habar berdi

1502296
Azerbaýjanda Ýene-de 7 Oba Basyp Alyşlykdan Halas Edildi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ýene-de 7 obanyň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilendigini habar berdi.

Prezident Aliýew düýn Twitterden beren habarnamasynda “Şu gün Azerbaýjanyň goşuny Terter welaýatynyň Talyş, Jebrail welaýatynyň Mehdili, Çakyrly, Aşagy Maralýan, Şeýbeý we Kuýjak, Fuzuly welaýatynyň Aşagy Abdurahmanly obalaryny halas etdi” diýdi.

Ilham Aliýew düýn Madagiz etrabynyň hem ermeni güýçlerinden halas edilendigini mälim edipdi.

Ermenistanyň goşuny 27-nji sentýabrda Azerbaýjanly asuda ilata garşy hüjüm başladypdy. Garşy hüjüme geçen Azerbaýjanyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky käbir ýerlerini yzyna alypdy.



Degişli Habarlar