Ermenistan Bilen Azerbaýjanyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 16, ýaralananlaryň sany 55 adama ýetdi

1500845
Ermenistan Bilen Azerbaýjanyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Azerbaýjanyň goşunynyň territoriasyny basyp alyşlykdan halas etmek üçin Ermenistanyň goşunyna garşy başladan hüjümleri düýn gije dowam etdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ermenistanyň goşunynyň Terter welaýatyna guran hüjüminde asuda ilatdan ýene-de 1 adam ýogaldy.

Beýannamada, Ermenistanyň goşunynyň Azerbaýjandaky ilatly ýerlere guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sanynyň 16, ýaralananlaryň sany bolsa 55 adama ýetendigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, 4 günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda  200 tankyň we sowutly ulagyň, 228 topuň we raketa ulgamynyň, 30 howa goranyş ulgamynyň, 6 harby merkeziň, 5 ýarag ammarynyň, 110 ulagyň we 1 sany S-300 howa goranyş ulgamynyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan hüjümlerini dowam etdirýän Ermenistan, sebitde iş alyp barýan žurnalistleri hem nyşana alýar.

Çaknyşyklaryň başlan güni 27-nji sentýabrda Anadoly Habar gullugynyň we Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň žurnalistleriniň iş alyp barýan ýeriniň golaýyna top okunyň atylandygy sebäpli žurnalistler uly howpy başdan geçirdi.

Soňky 5 günde dürli etraplarda ARB TW, Hazar TW, Içtimai TW, SPACE TW, ATW, BAKU TW, AZERTAC, APA Habarlar gullugy we Turan Habarlar gullugy ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş alyp barýan ýerleri Ermenistanyň goşuny tarapyndan nyşana alyndy.

Žurnalistler agyr şertlerde wezipelerini dowam etdirýär.



Degişli Habarlar