“Türkiýe Bize Ruhy Taýdan Goldaw Berýär”

Ilham Aliýew Türkiýäniň, Ermenistan bilen çaknyşyklarda tarap bolmandygyny diňe özlerine ruhy taýdan goldaw berýändigini aýtdy

1499770
“Türkiýe Bize Ruhy Taýdan Goldaw Berýär”

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkiýäniň, Ermenistan bilen çaknyşyklarda tarap bolmandygyny diňe özlerine ruhy taýdan goldaw berýändigini aýtdy.

Rus “Rossiýa-24” kanalyna beýannama beren Aliýew, Ermenistanyň Azerbaýjana garşy guraýan hüjümleri sebäpli Daglyk Garabagda möwjän dartgynlyk hakynda durup geçdi.

Ermenistanyň hüjümlerinde Azerbaýjanly esgerleriň we asuda ilatyň öldürlendigine ünsi çeken Aliýew “Hüjüm ediji ýurda öz halkymyzy we territoriamyzy goramak üçin degişli jogaby bermeli bolduk” diýdi.

Türkiýäniň, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabagda başdan geçirilýän çaknyşykda tarap bolmandygyny nygtan Ilham Aliýew “Türkiýe sebitde ýagdaýyň kadalaşmagyny isleýär. Türkiýe, dgğanlyk ýurdumyz we hyzmatdaşymyz. Çaknyşyklar başlan badyna Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen birlikde beýleki ýolbaşçylary Azerbaýjana we halkara hukugyna goldaw berdi. Sebäbi Ermenistan, Azerbaýjanyň territoriasyny basyp alyp halkara hukugyny basgylady” diýdi.



Degişli Habarlar