Azerbaýjanyň käbir ýerlerinde söweşjeň ýagdaý yglan edildi

Söweşjeň ýagdaýyň kabul edilmegi bilen ýurdyň käbir sebitlerinde belli sagatlar aralygynda köçä çykmak gadagançylygynyň yglan edilmegi hem göz öňünde tutulýar

1498250
Azerbaýjanyň käbir ýerlerinde söweşjeň ýagdaý yglan edildi

Azerbaýjanyň Milli mejlisi Prezident Ilham Aliýewiň, Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda başdan geçirilen çaknyşyklar sebäpli ýurdyň käbir sebitlerinde söweşjeň ýagdaý yglan edilmek baradaky kararyny tassyklady. 

Nobatdan daşary ýagdaýda kabul edilen karara laýyklykda, söweşjeň ýagdaý dowam etdigi saýyn Azerbaýjanyň raýatlarynyň we Azerbaýjandaky daşary ýurt raýatlaryň konstitusion hukuklary we azatlyklary bilen emläk hukuklary wagtlaýyn ýagdaýda çäklendiriler. 

Söweşjeň ýagdaýyň kabul edilmegi bilen ýurdyň käbir sebitlerinde belli sagatlar aralygynda köçä çykmak gadagançylygynyň yglan edilmegi hem göz öňünde tutulýar. 


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar