Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümlerine garşylyk görkezdi

Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň, Azerbaýjanyň asuda halkynyň ýaşaýan ýerlerine od açmagy sebäpli Azerbaýjanyň goşuny garşylyk görkezip, hüjüme başlady

1497952
Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümlerine garşylyk görkezdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Ermenistanyň goşuny sagat 06:00-da front liniýasynda giň-gerimli öjükdiriji hereketler edip, Azerbaýjanyň goşunyna degişli liniýalara we asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine agyr ýaraglar, toplar we minomýotlar bilen od açdy. 

Beýanatda, Terteriň Gapanly, Agdamyň Çyrakly we Orta Garwand, Fizuliniň Alhanly we Şükürbeýli, Jebraýylyň Çojuk Merjanly obalaryna Ermenistanyň goşunynyň guran hüjümleriniň netijesinde asuda ilatdan adam ýitgileriniň we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi. Hüjümleriň guralan ýaşaýyş ýerleriniň infrastrukturalaryna hem zyýan ýetendigi mälim edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen ýene-de bir beýanatda bolsa, Azerbaýjanyň goşunynyň asuda halkyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen front liniýasynyň ähli ugurlary boýunça garşylyk görkezip, hüjüm başlatmak barada karar kabul edendigi aýan edildi. 

"Guryýer güýçleriniň, taňklaryň, raketalaryň we toplaryň, uçarmansyz howa ulaglarynyň goldawy bilen front liniýasynda we goranyş liniýalarynda bar bolan köp sanda ermeni esger, desga we harby ulaglar anyklanyp, täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berilen beýanatda, front liniýasynyň tapawutly ýerlerinde Ermenistana degişli 12 sany OSA raketa ulgamynyň hem ýok edilendigi beýan edidi. 

Beýanatda Azerbaýjanyň Harby howa güýçlerine degişli bir harby dikuçaryň hem Ermenistanyň goşuny tarapyndan Terter welaýatynda od açylyp ýere gaçyrylandygy, ekipaža hiç hili zyýan ýetmändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar