Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär
Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleriniň we öjükdiriji hereketleriniň dowam edýän front liniýasynda dartgynly pursatlar dowam edýär
Şu hepdäniň başyndan bäri çaknyşyklaryň ýaňadandan başlan serhediň golaýyndaky Towuz sebitinde we Ermenistanyň gözegçiligi astyndaky sebitlerde uly çaknyşyklar bolmasada ermeni güýçler serhediň Azerbaýjan tarapyna wagtal-wagtal od açmaga dowam edýär.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Ermenistanyň goşuny soňky 24 sagatda tüpeňler we snaýperleriň ulanýan ýörite ýaraglar bilen jemi 69 gezek od açyp, düzgüni bozdy.
Goşunyň söweş ukubyny janly ýagdaýda saklamak üçin wagtal-wagtal harby türgenleşikler geçirýän Azerbaýjanyň goşuny täze hüjümlere we öjükdiriji hereketlere garşy taýarlykly ýagdaýda garaşyp dur.
Ermenistanyň goşuny 12-nji iýulda Towuz sebitinde Azerbaýjanyň ýerlerine garşy hüjümler gurapdy, Azerbaýjanyň hüjüme garşylyk görkezmegi netijesinde bolsa ýitgi çekip yza çekilmäge mejbur bolupdy.
Çaknyşyklaryň netijesinde Azerbaýjanyň goşunyndan 1-i general jemi 12 harby şehit bolupdy.
Degişli Habarlar
Azerbaýjan-Ermenistan Gepleşikleri Başlady
Iki ýurduň arasyndaky serhetleriň kesgitlenilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.