Türkiýe Kowid-19-a Garşy Göreşde DKTR-na Goldaw Bermäge Dowam Edýär

DKTR-daky koronawirus kesellileri Türkiýa getirilmäge başlandy

1487979
Türkiýe Kowid-19-a Garşy Göreşde DKTR-na Goldaw Bermäge Dowam Edýär

 

Türkiýe täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna goldaw bermäge dowam edýär.

Düýn gije DKTR-daky koronawirus kesellileri Türkiýa getirilmäge başlandy.

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar, kesellileriň Türkiýede bejerilmäge başlanandygy barada ýazmaça beýanat berdi.

Premýer ministr Tatar, ene watan Türkiýäniň hemişe bolşy  ýaly Kowid-19-a garşy göreşde hem DKTR-na goldaw bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Wise-premýer Fuat Oktaýyň 27-nji awgustda Türkiýäniň, DKTR-nyň saglygy goraýyş ulgamynda haýsydyr bir kynçylygyň ýüze çykmagyna rugsat bermejekdigini we DKTR-da wirusa ýoluganlaryň sany artan halatynda kesellileriň tizkömek uçarlary bilen Türkiýedäki hassahanalara getirilmegini üpjün etjekdigi hakyndaky sözlerini ýatladan Tatar “Inha şol çäkde şu gijeden başlap koronawirus kesellileri Türkiýedäki hassahanara ugradylar”diýdi.

Tatar, hökümetiň tutumy we Türkiýäniň hem goldaw bermeginde başdan geçirilýän kynçylyklaryň hötdesinden geljekdiklerini ýatlatdy.


Etiketkalar: #koronawirus , #keselli , #DKTR

Degişli Habarlar