Türkiýe-Azerbaýjan Media Platformasy Dörediler

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Azerbaýjanyň Prezidentiniň Kömekçisi we Prezidentiň Diwanynyň Daşary Syýasat Departamentiniň Başlygy Hikmet Hajyýew bilen duşuşdy

1486267
Türkiýe-Azerbaýjan Media Platformasy Dörediler

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Kömekçisi we Prezidentiň Diwanynyň Daşary Syýasat Departamentiniň Başlygy Hikmet Hajyýew bilen Stambulda duşuşan Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Türkiýe-Azerbaýjan Media Platformasy Dörediljekdigini aýtdy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Altun we Hajyýew Dolmabahçedäki iş ofisinde geçiren özara duşuşygyndan soň iki ýurduň media we aragatnaşyk pudagyndaky guramalarynyň ýokary derejeli wekillerinin gatnaşmagynda geçirilen toparara maslahata ýolbaşçylyk etdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Altun Türkiýe bilen Azerbaýjanyň düýn bolşy ýaly şu günki günde-de “iki döwlet, bir millet” şygary bilen hereket edýändigini, Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan bilen Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýewiň şol düşünjäniň sözden ybarat däldigini bütin dünýä görkezendigini nygtady.

Altun Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda media, aragatnaşyk we jemgyýetçilik diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini beýan edip, iki ýurduň bu ugurdaky şertleriniň we tejribeleriniň birleşdirilmegi we bilelikdäki işleri amala aşyrmagy bilen kanagatlanarly netijeleriň alynjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Altun radio, teleýaýlym, kino we digital platformalar boýunça bilelikdäki produksiýalaryň taýarlanmagy boýunça degişli döwlet we hususy eýeçelige degişli guramalaryň goldaw bermeginde özara gatnaşyklaryň hasam ösjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Kömekçisi we Prezidentiň Diwanynyň Daşary Syýasat Departamentiniň Başlygy Hikmet Hajyýew bolsa Azerbaýjan bilen Türkiýäniň “iki döwlet, bir millet” şygary blen elmydama we her şertde birek-birige goldaýandygyny beýan etdi.

Türkiýäniň ykdysadyýetden daşary syýasata ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerinin özlerini hem begendirýändigini beýan eden Hajyýew: “Maksadymyz doganlyk gatnaşyklarymyzyň hasam ösmegi we güýçlenmegi” diýdi.



Degişli Habarlar