Türkiýe Bilen Özbegistanyň Arasyndaky Uçar Saparlary Şu Gün Başlaýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli saklanan uçar saparlary şu gün ýaňadandan başlaýar

1483208
Türkiýe Bilen Özbegistanyň Arasyndaky Uçar Saparlary Şu Gün Başlaýar

 

Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli saklanan uçar saparlary şu gün ýaňadandan başlaýar.

Transport we infstruktura ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Özbegistanyň Transport ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda 24-nji awgustda geçirlen gepleşiklerde, uçar saparlarynyň 2-nji sentýabrda başlamagy barada karar kabul edilipdi.

Ady agzalýan gepleşiklerde koronawirus epidemiýanyň çäginde ýurtlaryň gören çäreleri ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Howa menzilleriniň we howa ýoly firmalarynyň düzgünleri hakynda Transport we infstruktura tarapyndan özbegistandaly ýolbaşçylara maglumat berildi we uçar saparlarynyň şu gün başlamagy üçin ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar