Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky umumy harby türgenleşik dowam edýär

Beýanatda, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň toparlarynyň sazlaşyk içinde geçiren operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda tamam bolandygy mälim edildi

1468172
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky umumy harby türgenleşik dowam edýär

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň howa we guryýer güýçleriniň gatnaşmagynda Azerbaýjanda geçirilýän giň-gerimli operasiýasynyň çäginde dikuçarlar, taňklar we sowutly ulaglar bilen duşman diýip bellenen nyşanalara garşy umumy operasiýa geçirildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, esgerleriň dikuçarlar bilen meýdana düşürilendigi bellenýär. 

Harby türgenleşigiň çäginde taňklaryň we sowutly ulaglaryň goldawyny alan esgerler, duşman diýip bellenen liniýalara garşy operasiýa gurady. 

Ssenariý laýyklykda strategik ähmiýetli nokatlar duşmandan arassalandy. 

Beýanatda, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň toparlarynyň sazlaşyk içinde geçiren operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda tamam bolandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar