Russiýanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Baýramowy täze wezipesi bilen gutlady

1457148
Russiýanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Azerbaýjanyň täze Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Lawrow, Baýramowy täze wezipesi bilen gutlady.

Baýramow, Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde, ermeni güýçleriniň guraýan hüjümleri hakynda rus kärdeşine maglumat berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, dartgynlygyň özenini Ermenistanyň 30 ýyldan bäri dowam etdirýän basyp alyjy syýasatynyň emele getirýändigini ýatlatdy.

Sergeý Lawrow bolsa taraplara ylalaşyga laýyklykda hereket etmekleri we dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljak hereketlerden gaça durulmagy üçin çagyryş berdi.



Degişli Habarlar