Başgyrdystan Stambulda Söwda wekilhanasyny açar

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasy awgust aýynda Stambulda Söwda wekilhanasyny açar

1446343
Başgyrdystan Stambulda Söwda wekilhanasyny açar

Paýtagt Ufada “Gelejegiň sebiti. Ýewraziýanyň Kalbyndan Garaýyş” temaly halkara şäher forumy geçirildi.

Foruma gatnaşan Başgyrdystanyň Daşary gatnaşyklar boýunça döwlet Toparynyň Başlygy Margarita Bolyçewa sözlän sözünde, Türkiýäniň özleri üçin söwda gatnaşyklarynda esasy ýurtlardan biridigini we türk işewürleriniň sebit bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Şol çäkde türk işewürleri üçin gowy şertler döretmäge taýardyklaryny nygtan Bolyçewa, Stambulda Başgyrdystanyň Söwda wekilhanasynyň açyljakdygyny mälim etdi.

Bolyçewa: “Türkiýede Söwda wekilhanasynyň açylmagy üçin Stambuly saýlap aldyk. Awgust aýynyň ahyrynda resmi taýdan wekilhananyň açylyşy bolar” diýdi.

Koronawirusa garşy görülen çäreler sebäpli Başgyrdystan Russiýada epidemiýa döwründe ilkinji halkara çäresine ýer eýeçiligini etdi.



Degişli Habarlar