Özbegistanda täze hökümet guruldy

Täze hökümet 4 wise-premýerden, 21 ministrden we 10 döwlet komietiniň başlyğyndan ybarat

1347200
Özbegistanda täze hökümet guruldy

 

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda gurlan täze hökümetiň agzalaryny tassyklady.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Mirziýoýew, Özbegistanyň Parlamentiniň aşakky ganady Kanun çykaryş Mejlisi tarapyndan hödürlenen täze hökümetiň agzalaryny tassyklady.

Abdulla Aripow täze hökümetde ýaňadandan premýer ministr wezipesini ýerine ýetirer. Täze hökümet 4 wise-premýerden, 21 ministrden we 10 döwlet komietiniň başlyğyndan ybarat.

Özbegistanda 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 22-de geçirlen saýlawdan soň täze hökümetiň gurulmagy maksady bilen hepdäniň başynda hökümet wezipesinden çekilipdi.

 



Degişli Habarlar