Gazagystandaky uçar heläkçiliginde 12 adam ýogaldy

Gazagytanda bir ýolagçy uçaryň howa galjak mahaly ýere gaçmagy netijesinde 12 adam ýogaldy, 53 adam ýaralandy

1330561
Gazagystandaky uçar heläkçiliginde 12 adam ýogaldy

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar komitetinden berilen beýanatda, Almata-Nur-Soltan uçar saparyny amala aşyrýan Bek Air howa ýollaryna degişli Fokker 100 kysymly uçaryň howa galjak mahaly binalaryň ýerleşýän ýerine gaçandygy aýan edildi.

Almatanyň gubernatorlygy uçarda 8-i çaga we 5-i ekipaždan ybarat jemi 93 adamyň bolandygyny habar berdi.

Uçar heläkçiliginde 12 adam ýogaldy, 53 adam ýaralandy.

Gazagystanyň Senagat we Infrastruktura özgertme ministrligi, wakanyň sebäbi derňelýänçä çenli Bek Air kärhanasynyň ähli işiniň duruzulandygyny mälim etdi.

Raýat awiasia komitetinden berilen beýanatda hem wakanyň derňew işleri tamamlanýança çenli ýurtda Fokker 100 kysymly ähli uçarlaryň uçuşlarynyň togtadylandygy habar berildi.

Beýleki tarapdan Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 28-nji dekabr gününi ýurtda Milli ýas hökmünde yglan edendiklerini aýan etdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Berik Uali Facebook hasabyndan beren beýanatynda: “Prezident Kassym Jomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 28-nji dekabryny Almata şäheriniň golaýyndaky uçar heläkçiligi sebäpli Milli ýas hökmünde yglan etdi” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar