Azerbaýjanda ýerli saýlawlar geçirilýär

Azerbaýjanda şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň mejlisleriň agzalaryny saýlamak maksady bilen saýlawlar geçirilýär

1327803
Azerbaýjanda ýerli saýlawlar geçirilýär

Ýurdyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň 5-nji gezek geçirilýän ýerli saýlawlarda azerbaýjanlylar, mejlisiň agzalaryny saýlamak üçin ses berýärler.

Ses bermek işleri ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlan saýlawlarda 41 müň 462 dalaşgär, 1 müň 606 häkimligiň 15 müň 156 agzalygy üçin özara bäsleşýärler.

4 million 972 müň saýlawçynyň ses berjek saýlawlarda ses bermek işleri 19:00-da tamamlanar.

Azerbaýjanyň kanunlaryna laýyklykda ýerli saýlawlarda ilki bilen mejlisiň agzalary kesgitlenýär, ondan soň bolsa bu agzalar öz aralarynda häkimleri saýlaýarlar.



Degişli Habarlar