Türkiýeden uçan uçarmansyz howa ulagy DKTR-na gondy

Uçarmansyz howa ulagy 5 sagatlyk uçuşdan soň DKTR-nyň Geçitkale howa menziline gondy

1324007
Türkiýeden uçan uçarmansyz howa ulagy DKTR-na gondy
Bayraktar TB2 tipi İHA1.jpg

Türkiýeden uçan uçarmansyz howa ulagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gondy.

Ilkinjisi amala aşyrlan uçuşda Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulagy, Mugla welaýatynyň Dalaman etrabyndaky deňiz howa merkezinden sagat 05.00-da uçdy.

Uçarmansyz howa ulagy 5 sagatlyk uçuşdan soň DKTR-nyň Geçitkale howa menziline gondy.

DKTR-nyň Ministrler kabineti anna güni Geçitkale howa menziliniň uçarmansyz howa ulaglarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çäreler üçin ulanylmagy barada karar kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar